Soňky habarlar

Arhiw

Mirziýoýew Berdimuhamedowy Bitaraplyk baýramy bilen gutlady

23:3511.12.2020
0
7291

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene – Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň okgunly we yzygiderli häsiýete eýedigini, onuň hoşniýetliligi we açyklygy bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi ähli bilelikdäki başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň girewi bolup durýar.

Iki döwletiň Baştutanlary şeýle hem ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň