Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 738 maşgala täze jaýlara göçüp bardy

23:4310.12.2020
3
10662

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si we 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy ulanylmaga berildi.

Şäheriň Senagat köçesiniň ugrunda 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-sinden ybarat toplum ulanmaga berildi. Şeýle hem 4 gatly 32 öýli 3 sany we 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň biri Ahal köçesiniň ugrunda peýda boldy. Güneşli köçesiniň ugrunda bolsa 2 gatly kottejleriň 9-sy bina edildi. Olaryň her biriniň iki öýlüdigini bellemeli.

Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem olaryň çäklerinde ýanýodalar, ulag ýollary çekildi. Sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilip, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, täze jaýa göçüp gelen maşgalalar üçin zerur bolan ähli amatlyklar üpjün edildi.

Netijede, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap jaýlarda bagtyýar maşgalalaryň 738-si jaý toýlaryny tutdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň