Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Parlamentara bileleşigiň wideomaslahatyna gatnaşdy

23:5609.12.2020
0
3059

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara bileleşik tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalardan bolan parlamentariler we bilermenler bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyna gatnaşdylar.

Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy “Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler” diýlip atlandyryldy. Onuň çäklerinde milli parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornuny güýçlendirmek hem-de häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, syýasy ulgamy we demokratik edaralary kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygy bellenildi.

Geljek ýylyň ýanwaryndan ählihalk ara alnyp maslahatlaşmadan soň kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanun güýje girýär. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda kanunçylyk häkimiýetini dolandyrýan täze wekilçilikli edara — iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat Milli Geňeş işläp başlar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler. Kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini artdyrmak bilen bir hatarda, saýlawçylaryň deputatlar bilen ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, durmuş-ykdysady we beýleki ulgamlarda kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge ýardam eder.

Interaktiw söhbetdeşligiň barşynda parlamenara gatnaşyklaryň orny hem-de wezipeleri barada pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, umumy dünýä ösüşiniň global meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada bir pikire geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň