Türkmenistanly futbol eminleri CAFA we FIFA tarapyndan geçirilýän onlaýn maslahatlara gatnaşýarlar

16:5930.11.2020
0
1543

30-njy noýabr bilen 2-nji dekabr aralygynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň FIFA bilen bilelikde guramagynda halkara eminleriniň arasynda onlaýn seminary geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Onlaýn seminara Merkezi Aziýa sebitine girýän FIFA derejeli eminler gatnaşyp, olaryň arasynda türkmenistanly FIFA-nyň eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow, Çarymyrat Gurbanow hem-de Alibek Sapaýew dagy bolar.

7-9-njy dekabr aralygynda bolsa onlaýn seminary FIFA-nyň kömekçi eminleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Bu okuw seminaryna Türkmenistanyň wekilleriniň altysy gatnaşmaga mümkinçilik aldylar: Pälwan Pälwanow, Ahmet Begnazarow, Akmyrat Gurbanow, Babanazar Haknazarow, Berdimämmet Atdyýew, Şageldi Hydyrow.

Onlaýn seminarlaryny özbegistanly FIFA-nyň eminleriniň gözükdirijisi Farhad Abdullaýew geçirer. Onuň dowamynda gatnaşyjylar futbol oýnuna girizilen soňky üýtgeşmeler bilen tanşarlar. Şeýle-de, oýun pursatlaryny içgin seljererler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň