Kristina Şermetowa bäsdeşlerinden uly tapawut bilen Türkmenistanyň çempiony boldy

16:4028.11.2020
0
1246

55 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň ozal hem birnäçe gezek çempiony bolan 27 ýaşly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa bu üstünlikleriniň üstüne ýene birini goşdy. Ol Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýurduň açyk çempionatynda ýene-de şu agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy.

Ştandany silterläp götermekde 84 kilogram agyrlygy eýgeren tejribeli türgen beýleki alty bäsdeşinden uly tapawut bilen öňe saýlandy. Oňa iň ýakyn gelip bilen Ogulgerek Amanowa 65 kilogram agyrlygy göterdi.

Kristina Şermetowa itekläp götermekde hem 100 kilogramdan ýokary netijäni görkezen ýeke-täk türgen boldy. Ol ýaryşyň bu şertinde 110 kilogram agyrlygy asmana galdyrdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 194 kilogram agyrlygy eýgeren türgen nobatdaky altyn medalyny gazandy.

Şu agram derejesinde 16 ýaşyny 7-nji dekabrda doldurjak ýaş türgen Ogulgerek Amanowyň ýurdumyzyň açyk çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp bolandygy geljegimize bolan ynamymyzy artdyrýar. Onuň silterlemekde 65 kilogram agyrlyga eýgerendigini ýokarda ýazypdyk. Ol ştangany itekläp götermekde hem 80 kilogram agyrlyga çykyp, iki görnüşiň jemi boýunça 145 kilogramlyk netije bilen kümüş medal gazandy.

Täze ýylyň ilkinji gününde 20 ýaşyny doldurjak Madina Joraýewa bolsa iki görnüşiň jemi boýunça 115 kilogram (52 kg, 63kg) netije görkezip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Şeýle hem ýaryşda Şükürjan Azamatowa (112 kg) dördünji, Artykgül Batyrowa (100 kg) bäşinji, Jennet Halmämmedowa (92 kg) altynjy, Aýgözel Tyllaýewa (83) ýedinji orny eýeledi.

Geçen ýyl dünýä çempionatynda hormat münberine çykmagyň bäri ýanyndan gaýdyp, türkiýeli agyr atletikaçy Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen ýaryşda altyn medal eýelän Kristina Şermetowanyň şu ýyl VI Halkara raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medal gazanandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň