Turkmenportal logo
21.11.20
86408640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmen şöhle» eksportuň gerimini giňeldýär
«Türkmen şöhle» eksportuň gerimini giňeldýär

 


Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Ahal welaýatynyň senagat pudagynyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrmagyny gazanmak, sebitinde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyndan ugur alyp «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti öz ýurdymyzda öndürilýän çig malyndan hojalyk harytlaryna degişli bolan özüniň ýokary hilli plastmas we polietilen önümlerini öndürip kärhananyň agzybir işgärleri bilen halal zähmet çekip gelýär ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Kärhananyň esasy maksady ýurdymyzyň içerki bazaryny özüniň ýokary hilli hojalyk harytlaryna degişli bolan önümleri bilen doly üpjün etmekden we daşary bazarlara ýagny, daşary döwletlere eksport etmek üçin polipropilenden we politilenden öndürilýän plastmas we politilen önümlerini öndürmekden ybarat bolup durýar.

Häzirki wagtda plastmas önümlerini öndürýän “Türkmen şöhle” kärhanasy çaga oýunjaklaryny, plastmas gaplaryny, hojalyk harytlaryny we plastik mebellerini satyn alyjylara hödürleýär. Harytlaryň görnüşleri müşderleriň islegine laýyk ýerine ýetirilýär we hemişe täzelenip durýar.

Haryt tapgyrlary esasan Owganystan Yslam Respublikasyna, Belarus, Gazagystan, Özbegistan Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär.