Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Çaganyň bütindünýä güni bellenildi

23:4420.11.2020
0
5628

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 20-nji noýabrda bellenilýän Çaganyň bütindünýä gününe hem-de Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň senesine bagyşlanyp çäreler guraldy ― diýip, TDH habar berýär.

Wideoduşuşyga ýurdumyzda ÝUNISEF bilen işjeň gatnaşyk saklaýan köp sanly hyzmatdaşlar gatnaşdylar, olar bilen bilelikde çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de olaryň saglygynyň goralmagyna, sazlaşykly terbiýelenmegine we ösüşine gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Adalat, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle hem çärä ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand çykyş edip, onlaýn duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin işlenip taýýarlanylan Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, bu maksatnamanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda, çagalar babatynda Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibini amala aşyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işlere uly goşantdygy nygtaldy.

Wideoduşuşyga gatnaşyjylar körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler barada gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň