Turkmenportal logo
20.11.20
1024410244
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.


Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Hususan-da:


― maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler;


― Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk;


― önümçilik we durmuş-medeni maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler;


― Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek babatda alnyp barylýan işler;


― Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;


― «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler;


― «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler;


― obasenagat toplumyny we sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler;


― paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler;


― Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler;


― ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri;


― ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.