Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky” uzak möhletleýin önümçilik karzlaryny hödürleýär

10:5919.11.2020
0
18407

“Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky” ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagynda telekeçileriň we hususy kärhanalaryň önümçilik maksatly taslamalaryny maliýe taýdan goldamak üçin uzak möhletleýin önümçilik karzlaryny we paýly gatnaşyk karzlaryny hem-de mikro karzlaryny hödürleýär.

Şeýle hem, bank kartyna birikdirilen “Internet banking” hyzmatyny ulanyp, ýurdumyzda internet arkaly  aşakdaky amallary ýerine ýetirip bilersiňiz:

  • bank hasaplarynyň galyndylaryny we hereketlerini görmek;
  • ipoteka we beýleki bank karzlaryny tölemek;
  • “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň töleglerini;
  • şäher telefon ulgamynyň hyzmatlarynyň töleglerini;
  • IP-TV (AŞTU) hyzmatlarynyň töleglerini;
  • Intemet (AŞTU) hyzmatlarynyň töleglerini;
  • Bank kart amallarynyň göçürmesini almak.

“Internet banking” hyzmatyna birikmek üçin banka ýüz tutmaly. Bu hyzmatdan peýdalanýan müşderiler üçin “Mobilbank” hyzmatyny hödürleýär, şeýle hem ýokarda agzalan bank amallaryny ýörite programma üpjünçiligi arkaly has amatly we döwrebap görnüşde ýerine ýetirilip bilner. Bu hyzmaty işjeňleşdirmek üçin pasportyňyz (göçürmesi) we jübi telefonyňyzyň bolmagy ýeterlikdir.

Bulardan başga-da, ýyllyk 6 göterim möçberi bilen “Goýum bank kartyny” (depozit bank karty) şeýle hem “Maşgala” atly täze bank kartyndan peýdalanmak teklip edilýär.

“Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky” bilen habarlaşmak üçin:

  • Baş bank bilen habarlaşmak üçin 93-83-51; 93-24-78; e-poçta: info@turkmenturkbank.com ; Aşgabat şäheri Oguzhan köçesiniň ugrunda “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde 6-njy bank gullugy 42-27-93, 42-27-94;
  • Aşgabat şäheriniň B.Annanow (1916) köçesiniň 110 jaýy 1-nji bank gullugy 43-94-97, 43-94-98;
  • Lebap welaýaty Türkmenabat şäheri S.Niýazow şaýoly Bahar kiçi etrapça, jaý 76/4 800422 9-61-68, 9-54-99;
  • Daşoguz welaýaty Daşoguz şäheri Gurbansoltan eje köçe 6/2-nji jaýy 800322 2-42-51;
  • Mary welaýaty Mary şäheri Mollanepes köçe 3-nji jaýy 800522 6-73-37, 6-74-73, 6-77-73;
  • Lebap welaýaty Kerki şäheri S.Niýazow köçe 112-nji jaýy 800444 2-04-98.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň