Top.Mail.Ru

Arhiw

Awtobanyň ähli ýerinde iş alnyp barylýar

16:3617.11.2020
0
1583

Aşgabatdan Türkmenabada tarap süýşüp barýan ýokary tizlikli ýoldaky işler diňe birinji tapgyrda dowam etmeýär. Şu günler ikinji, üçünji tapgyryň gurluşyklarynyň gitjek ýerlerine hem gerekli serişdeler daşalýar.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada hem görkezilişi ýaly, ýoluň gurluşygynda ulanylýan daşlar Gowşut, Guşgy, Duşak, Buzaryk, Ajykäriz känlerinden alynýar. Ýoluň degişli ýerlerinde daş owradyjy zawodlaryň 13-si, asfalt, beton öndüriji zawodlaryň 10-sy, beton garyjy merkezleriň hem 7-si işledilýär.

Ine, şol känlerden port (inert) materiallaryň uly mukdary alnyp, demir ýol ulaglary bilen degişli ýerlere, has anygy, Ýolöten etrabynda ýerleşýän gurluşyk meýdançasyna 846,6 müň, Repetek menzilindäki önümçilik meýdançasyna 138,5 müň, Zähmet menzilindäki önümçilik meýdançasyna 373,6 müň, Takyr menziline 255,8 müň, Ýaşlyk menziline 31,8 müň tonnasy daşaldy.

Şunuň bilen birlikde, ýoluň üstki gatlagyny aýyrmak, ýer düşegini taslama boýunça bellenen derejä getirmek, Tejen, Babadaýhan etraplarynyň çäklerinde suwaryş ýaplaryny we zeý suw akabalaryny rejeläp, olaryň ýokary tizlikli awtoulag ýoluny kesip geçýän ýerlerini azaltmak maksady bilen, ýoluň 160 — 210-njy kilometrleri aralygynda suwaryş ulgamlary bilen bagly işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň