Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA döwletleriniň Howpsuzlyk geňeşleriniň onlaýn maslahatyna gatnaşar

11:4216.11.2020
0
7022

 

Türkmenistan 18-nji noýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek GDA agza döwletleriň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web saýtynda aýdylyşy ýaly, onlaýn maslahata biziň ildeşlerimizden başga-da Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşar.

Duşuşyk maksatnamasy GDA-nyň çägindäki täze biologiki howplara garşy göreşmek, COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreş tejribesi, maglumat ulgamyndaky kynçylyklara we howplara garşy durmak meselelerini we başga-da birnäçe möhüm mowzugy öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň