Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň 15 ýurdy dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasy hökmünde tanalýan Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk şertnamasyna ýagny «RCEP»-e gol çekdi. 2,1 milliard ilaty öz içine alýan «RCEP»-e dünýädäki içerki önümiň 30 göterimini tutýar.
Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň, ýagny «ASEAN»-yň 37-nji liderler sammitiniň çäginde geçirilen «RCEP» ýygnagynda «ASEAN» agzalary Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaziýa, Mýanma, Filippin, Singapur, Taýland, Wýetnam, Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Täze Zelandiýa liderleri sekiz ýyllyk gepleşiklerden soň ylalaşyk gazandylar.
Bu sammitde çykyş eden Singapuryň premýer-ministri Li Sýan Lun «RCEP» şertnamasyny möhüm öwrülişik hökmünde häsiýetlendirmeklik bilen: «8 ýylyň içinde geçirilen 46 sany ylmy-amaly maslahatlardan we 19 sany ministrler derejesindäki gepleşiklerden soň, «RCEP» şertnamasyny baglaşmaklyk şu güne nesip etdi. Bu işde ýadawsyz işleýän degişli ýurtlaryň liderleriniň we ministrleriniň tagallalaryna örän minnetdar.» – diýip nygtady.