Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy BMW täsin sportlaryň biri bolan wingsuit (uçut gaýadan howanyň akymy bilen ýere düşmek üçin ulanylýan ganat) dizaýn etdi. Sportuň bu görnüşi soňky ýyllarda has meşhur bolup başlady. Wingsuitde goluň aşagynda we iki aýagyň arasynda ýel berlen bölekler bolýar. Bu bölekler suw guşlarynyň aýaklarynyň arasyndaky perdä meňzeş bolup, ony geýen adamy uzak aralygy gorizontal ýagdaýda äkidýär. “Designworks” şereketi bilen bilelikde işlenip taýýarlanan täze wingsuit bolsa, türgenleriň has uzaga gitmegine mümkinçilik berer. Bu wingsuitde her biriniň kuwwaty 10 at güýjüne barabar bolan iki sany hereketlendiriji ýerleşdirilipdir. Eşik dizaýn edilende bu sportuň ussady Peter Salzmann hem goldaw beripdir. Batareýaly hereketlendirijiler 5 minut işleýär we minutda 25 müň gezek aýlanýar. Şeýlelikde, türgeniň tizligi 299 km/sagada ýetýär. Türgen tizligini birbada ýokarlandyryp, onuň güýji bilen uzak aralyga gidýär. Täze dizaýn edilen eşik 3000 metr çemesi belentlikde synagdan geçirildi.
Soňky habarlar
Arhiw
BMW uçýan ganat öndürdi
16:4707.11.2020
0
988
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň