Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

23:5806.11.2020
0
7151

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Kyrykkale uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Kyrykkale uniwersitetiniň rektory Ersan Arslan, iki ýokary okuw jaýyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahaty açmak bilen, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi I.Amanlyýew gatnaşyjylara türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň Merkezi Aziýa sebitinde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki orny hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de Ilçi dünýä gün tertibine girýän wajyp ugurlar, hususan-da energiýa howpsuzlygy, ulag ulgamyny kämilleşdirmek, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary barada belläp geçdi.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylara 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan  dürli derejeli çäreler barada gürrüň berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň