Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň alty etrabynda pagta borçnamasy amal edildi

23:5202.11.2020
0
6964

Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär ― diýip, TDH habar berýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylary Watan harmanyna 12 müň 500 tonnadan gowrak, Ak bugdaý etrabynyň hasyl ussatlary 43 müň 250 tonnadan gowrak, Sarahs etrabynyň pagtaçy kärendeçileri bolsa 35 müň 730 tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň pagtaçylary 16 müň 100 tonnadan gowrak, Ýolöten etrabynyň “ak altyn” ussatlary 31 müň 500 tonna, Türkmengala etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 35 müň 500 tonna hasyl tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň