Turkmenportal logo
30.10.2020
912912
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Her günde 100 milliard habar

“Facebook” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Zukerberg “WhatsApp” arkaly her günde 100 milliard habaryň iberilýändigini mälim etdi. Applikasiýanyň ulanyjylarynyň sany bolsa, 2 milliarddan geçipdir. Döredilenine 10 ýyl töweregi wagt bolan söhbetdeşlik programmasy elektron enjamlary arkaly söhbetdeşlik etmäge mümkinçilik berýän iň meşhur applikasiýa hasaplanýar. Ulanyjylar “WhatsApp”-dan başga-da “Facebook Messenger”, “iMessage”, “WeChat” we beýleki onlarça söhbetdeşlik applikasiýalaryndan peýdalanýar. “WeChat”-iň iň uly bäsdeşi hasaplanýan Hytaýyň “WeChat” programmasynyň ulanyjylarynyň sany 1 milliarddan geçýär. 2014-nji ýylda “WhatsApp” arkaly 50 milliard habar iberilýändigi mälim edilipdi. Şol wagt “WhatsApp”-yň ulanyjylarynyň sany 500 milliondan azdy.