Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmek teklip edilýär

23:5329.10.2020
0
3883

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 29-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde, gysga döwrüň içinde Bitarap Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sebit, yklym we dünýä derejesindäki iri sport bäsleşikleriniň 16-sy geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary möhüm orun eýeleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça, şol sanda ugurdaş hukuk binýadyny giňeltmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugur boýunça köptaraply resminamalaryň ikisine gatnaşýar, olaryň biri Olimpiýa nyşanyny goramak baradaky Naýrobi şertnamasydyr, beýlekisi bolsa Sportda dopinge garşy göreş baradaky halkara Konwensiýasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan 19 döwlet bilen sport babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.

Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksada laýyk hasaplanylýar. Şu güne çenli ýurdumyz şeýle düzümleriň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça işlere girişmek teklip edildi.

Geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa komitetiniň sessiýasyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.

Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň