Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy taýýarlanylýar

23:5029.10.2020
0
7285

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiň 29-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde milletiň Lideriniň garamagyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Ol özüne bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, «Elektron Hökümet» ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek wezipelerini birleşdirýär. Şeýle hem onda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň anyk möhletleri bellenildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, «Elektron Hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Milletiň Lideri häzirki wagtda munuň örän wajyp wezipedigini hem-de ähli işleri talabalaýyk guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işiň netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän dolandyryş ulgamynyň netijeli guraldygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň