Top.Mail.Ru

“Adidasy” “Reebok”-y satmakçy bolýar

19:2326.10.2020
0
838

Sport enjamlaryny hem-de egin-eşikleriniň öndüriji dünýä belli nemes kompaniýasy “Adidas” garamagyndaky “Reebok” şereketini satmakçy bolýar. “Adidas” kompaniýasy “Reebok”-y 2006-njy ýylda 3,8 milliard ýewro baha satyn alypdy. Nemes kompaniýasynyň ýolbaşçylary häzirki wagtda dünýä bazaryndaky gymmaty 842 million ýewro çenli peselen “Reebok”-yň satuwyny geljek ýylyň martyna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär. Bütin dünýäde özüniň oňaýsyz täsirini ýetiren kowid 19 pandemiýasy sebäpli maliýe babatda “Reebok” şereketi “Adidasdan” has köp zyýan çekdi. “Adidas”-yň girdejisi 33, “Reebok”-yň girdejisi 42 göterim pese gaçdy.

Reebok-yň kimiň satyn aljakdygy häzirlikçe anyk däl. Ýöne nemes metbugatynda çykan habarlara görä, dünýä belli “Timberland” hem-de “The North Face” markalaryna eýeçilik edýän amerikan “VF Corp”, “Wilson” we “Salomon” markalarynyň eýesi fin şereketi “Amer Group”, şeýle-de Hytaýyň “Anta Sports Products” kompaniýalary “Reebok”-yň täze eýesi bolmaga dalaşgär. “Manage Magazine”-iň habar bermegine görä, “Adidas” “Reebok”-y pandemiýadan öň satan bolsady, ony azyndan 2 milliard ýewro satyp bilerdi. Häzirki wagtda onuň bahasy 2 milliard ýewrodan pes diýip habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň