Italiýanyň «Cormatex Srl.» kompaniýasynyň enjamlary bilen Türkmenistanda düýe ýüňünden, geçi çöpürinden, gamşyň we gowaçanyň çöpünden önümçilikler ýola goýlar

22:5323.10.2020
0
8190

Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine ministrligiň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügini öndürýän önümçilik üçin hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolýasiýa serişdeleriniň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin häzirki zaman enjamlaryny, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak we sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň «Cormatex Srl.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň