Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de iki sany elektrik stansiýasy gurlar

12:3523.10.2020
0
6946

Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde başyny başlan energetika taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Hususan-da, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga niýetlenen tehnologik desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Bu taslamanyň çäklerinde zawodda taslama kuwwaty 70 Megawatt/sag barabar bolan iki sany täze gaz turbina elektrik bekedi gurlar we hereket edýän elektrik bekediniň abatlaýyş işleri geçiriler.

Desgalary gurmak işi Çalik Enerji türk kompaniýasyna tabşyryldy. Elektrik beketleri ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kärhanalary tarapyndan öndürilen iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we 18 aýdan dolulygyna ulanyşa giriziler.

Şunuň bilen bir hatarda önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, kärhana döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Şunuň ýaly möhüm taslamalar durmuşa geçirilende ekologik talaplary berjaý etmeklige aýratyn  ähmiýet berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň