Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda her gije-gündizde öndürilýän 38 million kilowat sagat elektrik togunyň 18 million kilowat sagady goňşy döwletlere ugradylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şeýle önümçilik bu ýerde gurlan kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz turbina tok öndüriji stansiýasynyň işe girizilmeginiň hasabyna gazanylýar.
Mary döwlet elektrik stansiýasy boýunça ýylyň geçen 9 aýynda 8 milliard 210 million 318 müň 692 kilowat sagat elektrik energiýasy öndürilip, onuň bellenilen möçberi goňşy Özbegistana, Owganystan hem-de Eýran Yslam Respublikalaryna eksport edildi.