Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi

21:1521.10.2020
0
3531

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy.

Geçen hepdede ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu bilelikdäki toparyň türkmen tarapynyň düzüminiň tassyklandygyny bellemek gerek.

Şu gezekki duşuşykda komitetiň iki tarapdan başlyklary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, muňa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de BAE-niň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky gatnaşyklara häsiýetli bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň gönüden-göni täsir edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Iki ýurduň ulag mümkinçiliklerini ulanmaga we ösdürmäge degişli pikir alyşmalar geçirildi. Şonda deňiz, demir ýol we howa ulgamlarynyň, port düzümleriniň kuwwatyny ulanmak arkaly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň orny barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, «EXPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi, oňa Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi.

Taraplar «ýaşyl ykdysadyýetiň» wajypdygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň