Dünýäniň iň uly onlaýn ensiklopediýasy bolan Wikipediýa 10 ýyldan soň ilkinji gezek dizaýnyny başdan aýaga doly täzelär. Wikipediýanyň esasy guramasy bolan Wikimedia gaznasy bu täzelenişiň, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamlanjakdygyny aýtýar.
Wikimedia gaznasynyň dizaýny üýtgetmeginiň esasy maksady, ulanyjylara has erkin we has döwrebap Wikipediýa maglumatlaryny bermek bolup durýar. Şol sebäpli Wikipediýanyň täze interfeýsi has arassa we özboluşly bolar.
Wikimedia gaznasynyň berýän maglumatyna görä, dizaýnyň üýtgemegi 10 esasy täzelikde jemlener ýagny olar: logotipi üýtgetmek, gapdal sahypany gizlemek, mazmun giňligini ýokarlandyrmak, gözleg setirini herekete getirmek, sahypa we makala atlaryny düzmek, mazmun gurallaryny kämilleşdirmek bolar.