Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň futbol çempionaty: Serdar Azmun «Zenidiň» «Ufany» ýeňmegine uly goşant goşdy

22:4626.09.2020
0
3725

«Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmuna toparynyň «Ufany» 6:0 hasabynda ýeňen duşuşygynda bu ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde geçirildi.

Topardaşy — russiýaly hüjümçi Artýom Dzýubanyň het-trik eden duşuşygynda eýranly türkmen iki gezek tapawutlandy. Esasy düzümde oýna çykan Serdar Azmun 79-njy minutda çep dyzyna gelen güýçli zarba sebäpli şikeslendi. Ony meýdandan elektrik ulagynda çykardylar. Oýundan soň özbaşdak ýörän hem bolsa, onuň şikesi ýeňil däl.

Häzir eýranly türkmen rus çempionatynda iň köp tapawutlanan üç futbolçynyň biridir. Ol topardaşy Artýom Dzýuba we «Soçiniň» ekwadorly futbolçysy Kristian Noboa bilen bilelikde çempionatyň şu möwsüminde 6 gezek tapawutlandy.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 20-ä çykaran «Zenit» bolsa çempionatda birinji basgançakda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň