Soňky habarlar

Arhiw

ÝDÖB ýylyň ahyrynda çenli Türkmenistan bilen ýene bäş taslama gol çekişmäge taýýar

09:5624.09.2020
0
13165

«Trend» habarlar agentligi 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky (BDÖB) bilen Türkmenistanyň arasynda bäşe çenli täze taslama gol çekişmäge garaşylýandygyny habar berdi. Ol bu habary bankyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp berýär.

Bank COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykýan häzirki üýtgäp durýan ýagdaýa garamazdan, bu taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Bankyň wekili «2020-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan bilen umumy bahasy 19,3 million dollar bolan üç taslama gol çekdi. Olar Türkmenistanyň «Datly şerbet», «Ak hünji»  we «Safa» kompaniýalary bilen baglaşylan geleşiklerdir.

Umuman, bu bank Türkmenistanda alyp barýan işiniň dowamynda ýurtdaky 70 taslama üçin  272 million ýewro maýa goýdy.

Bu maýa goýum serişdeleri 200-den gowrak kiçi we orta kärhanalara telekeçilik maslahatyny almaga mümkinçilik berdi.

Bankyň wekili ÝDÖB-nyň Türkmenistanda hususy pudagyň ösüşine goldaw bermegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Hyzmatdaşlyk azyk önümlerini gaýtadan işlemek we paýlamak, üstaşyr geçelgeleri, ulag, gaplamak, mebel we syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen hususy kompaniýalara maliýeleşdirmegi öz içine alýar.

ÝDÖB Türkmenistanyň korporatiw we maliýe pudaklarynda hususy telekeçiligiň giňelmegine aýratyn üns berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň