Turkmenportal logo
13.09.20
22652265
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly arkaly ýük daşamagyň mukdary barha artýar
Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly arkaly ýük daşamagyň mukdary barha artýar

2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine görä, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly arkaly ýük gatnawynyň mukdary 272,960 tonna ýetdi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna salgylanyp, TREND habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda bu görkeziji 1,245 million tonnadan gowrak bolupdyr. Bu görkeziji  2018-nji ýyldan bäri awtoulag ýolundaky ýyllyk ýük gatnawynyň bir million tonnadan gowragyna barabardyr.


Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň gurluşygy 2009-njy ýylda başlanypdy. Gazagystanyň ilkinji Prezidenti – Ýolbasy Nursultan Nazarbaýew we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 11-nji maýynda Bolaşak (Gazagystan) –  Serhetýaka (Türkmenistan) serhet geçelgesini açdy. Şeýle-de 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň resmi açylyşy boldy.


Taslamanyň Aziýa ösüş bankynyň we Yslam ösüş bankynyň maliýe kömegi bilen durmuşa geçirilendigini ýatladýarys.