Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Jahan» döredijilik merkezinde gurluşygyň barşy bilen tanyşdy

23:5208.09.2020
0
15851

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan döredijilik merkezi bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri binanyň daşky keşbine we onuň binagärligine ünsi çekip, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň hem-de merkezde çagalaryň döredijiligi we olaryň ukyplarynyň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti merkez bilen tanyşlygyň dowamynda onuň zallarynyň enjamlaşdyrylyşyny, aýratyn-da, döredijilik üçin niýetlenen, şeýle hem sport zallaryny synlady. Döwlet Baştutany bu zallaryň zerur bolan halatynda köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin üýtgedip bolmak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu desganyň häzirki günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Milletiň Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze merkezde çagalar we ulular üçin aýdym-saz, tans, çeperçilik, tikinçilik, surat çekmek toparlarynyň hereket etjekdigini aýtdy. Tölegli esasda işlejek toparlarda ýaşlaryň ukyplaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylan aýdym-saz studiýasy hereket eder. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesli gadymy milli däpleriň esasynda terbiýelemek bilen birlikde, olaryň zähmet terbiýesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýlelikde, merkezde gyzjagazlaryň milli el hünärleriniň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, merkezde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen zallar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew döredijilik merkeziniň “Jahan” döredijilik merkezi diýip atlandyrmaga ygtyýar bermegi döwlet Baştutanyndan haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti aýdylan teklibi oňlap, merkeziň netijeli işlemegine ak pata berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň