Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi işlenip taýýarlanyldy

20:2721.08.2020
0
6727

Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlar bilim ulgamynyň işini döwrüň zerurlyklaryndan ugur alyp guramagy talap edýär. Şunda bilim-terbiýeçilik edaralarynda degişli zyýansyzlandyryjy çäreleriň geçirilmegi, sanitariýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulmagy esasy zerurlyklar hökmünde orta çykýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Umumybilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi» işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çäreleri yzygiderli geçiriler, bilim edaralarynda okuwçylardyr talyplaryň sapaklara gatnaşygy bilen baglanyşykly işler täze düzgünler esasynda ýola goýlar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda, anna güni çykan çykan sanynyň 2-nji sahypasynda beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň