Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň mekdeplerinde berk goranyş çäreleri görler

21:1519.08.2020
0
34717
Türkmenistanyň mekdeplerinde berk goranyş çäreleri görler

Aşgabat şäher bilim müdirligi tarapyndan «Turkmenportala» habar berlişi ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin berk çäreler görler. Şol çäreleriň hatarynda aşakdakylar görkezilýär:

  • Mekdep binasyndaky giriş gapylarynyň birbada birnäçesi açyk bolmaly;
  • Ata-eneleriniň gidip-gelmesi çäklendirilmeli;
  • Naharhanalarda, bedenterbiýe sapaklarynda, oýun meýdançasynda howpsuz aralyk saklanmaly:
  • Synpda çagalar biri-birinden 2 metr uzaklykda oturmaly;
  • Talyplar, mugallymlar we tehniki işgärler tarapyndan gorag örtükleriniň geýilmegine gözegçilik etmek zerurdyr.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň