Turkmenportal logo
19.08.20
2734727347
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bilim edaralarynda öňüni alyş çäreleri güýçlendirilýär
Türkmenistanyň bilim edaralarynda öňüni alyş çäreleri güýçlendirilýär

Türkmenistanda täze okuw ýyly, garaşylyşy ýaly, 1-nji sentýabrda başlar. Şeýle-de bolsa, ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky buýrugy bilen tassyklanan tertipnamada öz beýanyny tapýan täze düzgünler girizildi.


Aşgabat şäher bilim müdirliginde habar berlişi ýaly, mekdep ýolbaşçylary şulara borçlanýar:


  • Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş edaralary bilen şertnama esasynda işleýän bilim edaralary sanitariýa, arassaçylyk we dezinfeksiýa işlerini okuw ýylyndan öň we ol dowam edýärkä, hepdede bir gezek yzygiderli geçirmeli;
  • Binalara girýän okuwçylaryň, talyplaryň we her bir bilim işgäriniň bedeniniň gyzgynlygy ölçenilmeli, olaryň elleri ýörite serişdeler arkaly zyýansyzlandyrylmaly. Munuň üçin nobatçy mugallymlary bellemeli;
  • Sapaklardan öň we soň, uly arakesmelerde synp otaglarynda we eýwanlarda üzärlik tütetmeli;
  • Her ýarym günlük okuwdan soňra binalar zyýansyzlandyrylmaly;
  • keseliň alamatlary ýüze çykarylsa, her mekdepde izolýasiýa üçin ýörite otaglar bolmaly.