1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli orta mekdepleri okuwçylara gapylaryny açar. Şeýle-de bolsa, Aşgabat şäher bilim müdirliginde bize habar berlişi ýaly, şu ýylky okuw işinde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, goşamaça çäreler geçiriler. Bu bolsa okuwdaky käbir üýtgeşmeleri getirer.
Şeýlelikde, synp otaglary we okuwçylary köp bolan mekdeplere okatmagy aýtyn meýilnama boýunça ýola goýmak tabşyryldy. Ýene bir üýtgeşme bolsa synpdaky okuwçylaryň sany bilen bagly. Her synpdaky okuwçylaryň sany 15-den geçmeli däl. Okuwçy sany görkezilen mukdardan aňry geçýän synplaryň mugallymlaryna olary bölüp okatmak tabşyrylar.
Mekdeplerde sapaklaryň dowamlylygy hem üýtgedildi. Has takygy, 1-nji synp okuwçylary üçin bir sagadyň dowamlylygy 25, 2 ― 4-nji synplar üçin 30, 5 ― 11-nji synplar üçin 35 minut bolar. Kiçi arakesmeler 10, uly arakesme bolsa 20 minutdan ybarat bolar.
Taryh, bedenterbiýe, biologiýa, himiýa, zähmet, surat çekmek ýaly açyk howa bilen bagly sapaklary bellenilen ýerlerinde geçirmäge rugsat berilýär. Ýöne mugallymlar howa ýagdaýlaryna berk eýermelidirler.