Türkmenistan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli watanyna gaýdyp bilmeýän watandaşlaryna kömek etmegiň tertibini döretdi.
“Türkmenportal”-a mälim bolşy ýaly, şu günden başlap Türkmenistanyň Merkezi banky we Daşary işler ministrliginiň tassyklan sanawyna görä, aýda 500 dollar konwertirlemäge hukugy bolan daşary ýurtlarda galan watandaşlara “Western Union” arkaly halkara geçirimlere rugsat berildi.