Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:5926.05.2020
0
11776

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzyň häkimi milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, paýtagtymyzda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesini saklamak üçin degişli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary derejä eýe bolmagy, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi, şäheriň şaýollarynyň, köçeleriniň, gök zolaklarynyň göwnejaý derejede saklanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutany ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen, degişli gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime ozaly bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dowamynda meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek gerek diýip belledi.

Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly başlamak, möwsümiň dowamynda işlediljek däne kombaýnlarynyň we awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, dürli miweleriň hasyllylygyny artdyrmak ugrunda agrotehniki çäreler geçirilýär.

Şeýle hem welaýatlarda öňde boljak şanly seneleriň hormatyna geçiriljek medeni meýilnamasy, tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragynda däne kombaýnlarynyň, awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi, bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi hem-de kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem gowaça edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegi, ideg işlerinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegi, ýeralmadan gök we bakja ekinlerinden ýokary hasylyň öndürilmegi boýunça häkime anyk tabşyryklar berdi, munuň özi döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri halkymyzyň türkmen topragynda öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün edilmegi, bazarlarda önüm bolçulygynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Türkmneistanyň Prezidenti öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň uzak wagtlap ýatda galmagy üçin olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, milletiň Lideri türkmenistanlylar üçin amatly dynç alşy guramakda sebitde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanynyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ekinleriň güýzlük görnüşleriniň ekişine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzir, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş bölümleri jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, galla oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti güýzlük gök ekinleriň ekiljek ýerlerini kesgitlemek, olar üçin zerur serişdeleri üpjün etmek meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň geljekki mejlisine güýzlük ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany bilen baglanyşykly degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmneistanyň Prezidenti bugdaý oragynyň gelip ýetendigini we hökümetiň nobatdaky mejlisinde möwsüme girişmek bilen baglanyşykly Kararyň taýýarlanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öňdebaryjy tejribäni, şeýle hem usulyýeti alyşmak maksady bilen, degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň