Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bolup geçen uçar heläkçiligi sebäpli Pakistanyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:3722.05.2020
0
16519

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana Karaçi şäheriniň golaýynda «Pakistan halkara howaýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi ― diýip, TDH ýazýar.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

«Flightradar24» gullugynyň ýazmagyna görä,  Lahordan Karaçi şäherine barýan «Aerobus A320» uçary heläkçilige uçrady. Heläkçilikde uçardaky köp sanly adam heläk boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň