Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda koronawirus ýokançlygy meselesinde maslahat berýän lukmançylyk hyzmaty işe girizildi

22:0001.04.2020
0
37794

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan raýatlara koronawirus ýokançlygy meselesinde maslahat bermek üçin gyssagly jaň etmek hyzmaty işe girizildi.

BSGG tarapyndan yglan edilen COVID-19 täze wirus ýokançlygynyň pandemiýasy bilen baglanyşykly Türkmenistanda gije-gündiziň dowamynda gyssagly jaň etmek hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmat Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurduň epidemiologik ýagdaýy, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler we bu keselden goramak, onuň öňüni alyş usullary barada ilata habar bermek maksady bilen hereket edýär.

“Gyssagly jaň etmek” telefony: 73-95-35

Bu belgidäki nobatçy lukmanynyň “Türkmenportala” habar berşi ýaly, köplenç adamlar “gyssagly jaň etmek” telefon belgisine jaň edip, koronawirus barlagyny nireden alyp bolýandygyny we Türkmenistanda bu ýokançly wirus barmy diýip soraýarlar?

"Gyssagly jaň etmek" hyzmatynda nobatçy lukman “Türkmenportala: – Hemmäni köşeşdirip bilerin! Türkmenistanda koronawirus ýokaşmasy ýok – diýdi. – Islendik klinikada koronawirus üçin synag geçirip bilersiňiz. Munuň üçin zerur synaglardan geçmeli. Barlagyň netijesi 6 sagadyň dowamynda taýýar bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň