Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda COVID-19 koronawirus epidemiýasy üns merkezde saklanýar

19:3131.03.2020
0
35274

Türkmenistanda COVID-19 koronawirusy bilen baglanyşykly epidemiologik ýagdaý gözegçilik astynda saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan “Türkmenportala” habar berildi. Habarda nygtalyşy ýaly, ýurda koronawirusyň girmeginiň öňüni almak üçin döwlet tarapyndan möhüm çäreler alnyp barylýar. 

7-nji fewralda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümi tarapyndan “Täze koronawirusyň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça wagtlaýyn görkezmeleri” tassyklanyldy. 

Gyssagly epidemiologiýa komissiýasynyň (GEK) mejlislerinde ýiti pnewmoniýanyň patogenlerine garşy öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak we ýurduň lukmançylyk edaralarynda arassaçylyk we epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmek ýaly meselelere garaldy.

Tutuş ýurduň çägine keseliň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk-karantin merkezlerine, sebitlerdäki arassaçylyk we epidemiologiýa hyzmatlaryna gözegçilik güýçlendirildi. Şeýle hem wirus ýokuşan döwletlerden gelýän raýatlara aýratyn gözegçilik edilýär.

Giriş nokatlarynyň hemmesinde raýatlaryň temperaturalary ölçenilýär. Eger  kadadan artyk gyzzyrma ýüze çykan halatynda bu adamlar aýratyn gözegçilige alynýar we COVID-19 wirus barlagy geçirilýär.

Ýurduň ilatyny gözegçilikde saklamak üçin ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralary – Aşgabatdaky ýokanç keselleri bejermek we öňüni alyş merkezi, şeýle-de ýokanç keselleriň welaýatlardaky ähli bölümleri meýilnamalaýyn iş tertibini alyp barýarlar.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy döwlet serhedinden geçýän raýatlaryň epidemiologik derňewi üçin ýörite anketany taýýarlady. Ýurduň çägindäki bejeriş-anyklaýyş merkezlerini zerur dermanlar we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek üçin ähli çäreler görüldi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligi COVID-19 kesel kesgidi üçin ýeterlik mukdarda synag ulgamyny satyn aldy. Diagnostiki synaglar Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirus barlaghanasynda, şeýle hem welaýatlardaky ýöriteleşdirilen merkezlerde geçirilýär. Arassaçylyk-karantin nokatlary, lukmançylyk we öňüni alyş edaralary zerur gorag enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Ýurduň çäginde her gün köpçülikleýin zyýansyzlandyryş çäreleri geçirilýär. COVID-19-yň öňüni almak boýunça arassaçylyk we wagyz-ündew işleri häzirki wagtda ähli lukmançylyk edaralarynda, kärhanalarda, guramalarda, bilim edaralarynda, mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýar.

Lukmanlar tarapyndan raýatlara şahsy arassaçylyk düzgünleri, köpçülik ýerlerinde howpsuz hereketleri ýerine ýetirmek yzygiderli maslahat berilýär.   

Ähli lukmançylyk edaralary gorag eşikleri we beýleki gorag enjamlary bilen üpjün edilýär. Olary ulanmak boýunça işgärleriň arasynda amaly maşklar geçirilýär.

Ilat arasyndaky wagyz-ündew, düşündiriş işleriniň dowamynda bu ýokançlygyň Türkmenistana ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur bolan çäreleriň yzygiderli alnyp barylýandygy düşündirilýär. 

Aljyraňňylyga sebäp ýok, myş-myşlara ynanmalyň, esassyz gürrüňleri ýaýratmalyň! Sebäbi biziň ýurdumyzda COVID-19 hadysasy ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň