Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Merwi» ýeňen «Altyn asyr» täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy

17:1321.03.2020
0
7140

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň esasy futbol meýdanynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen duşuşygy geçirildi. Onda häzirki çempion «Altyn asyr» «Merwi» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ilkinji pökgini 30-njy minutda Mihail Titow geçirdi. 44-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew ýeňiş pökgüsini öz adyna ýazdyrdy. Dogry, 54-nji minutda oňa möwsümdäki üçünji pökgüsini hem geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne ol 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.

Bu duşuşygyň «Altyn asyryň» Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolanlygy üçin öz wagtynda geçirilmändigini ýatladýarys.

Bu ýeňişden soňra «Altyn asyr» 4 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, Ýokary liganyň wekilleriniň ýaşlarynyň arasyndaky duşuşykda «Altyn asyryň» ýaş futbolçylardan ybarat düzümi «Merwiň» ýaşlaryny 3;1 hasabynda ýeňdi.

 «Altyn asyr» – «Merw» – 2:0 (2:0)

2020-nji ýylyň 20-nji marty. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgi geçirenler: Mihail Titow 30, Altymyrat Annadurdyýew 44.

Nädürs 11 metrlik jerime urgusy: Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr») 54 (sütüne degdi).

Duýduryşlar: Mämmet Orazmuhammedow 90+1 – Azat Orazmyradow 32, Begenç Alamow 32, Toýly Goçmyradow 32.

Emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat).

Kömekçileri: Şageldi Hydyrow, Ezizmyrat Annamyradow (ikisi hem – Balkanabat).

Ätiýaçdaky emin: Resul Mämmedow (Aşgabat).

Gözegçi emin: Raşid Pälwanow (Daşoguz). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň