Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garagumyň jümmüşinde alnyp barylýan ylmy işleri güýçlendirmegi tabşyrdy

23:5817.03.2020
0
22916

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy ― diýip, TDH habar berýär.

...Ir säher bilen döwlet Baştutany Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine geldi. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, howanyň amatly pursatlarynda ösümlikleriň gül açýan mahalynda sährada özboluşly ajaýyp görnüş emele geldi. Onuň giňişliklerinde özüne çekiji täsinlik duýulýar. Çöllük ýerlerden geçmäge ukyply ulagda amala aşyran saparynyň barşynda döwlet Baştutany sähranyň ajaýyp görnüşlerini synlady.

Milletiň Lideri ulagdan düşüp, sazak tokaýlyklaryny synlady. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz keşbini saklaýan ösümlikleriň biridir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, Watanymyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam etdi. Milletiň Lideri Garagum sährasynyň täsin tebigy künjekleriniň birinde saklandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew bu sähranyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalary Türkmenistanyň Prezidentine görkezdi.

Hususan-da, munuň özi sazak, sözen, ojar, gara gandym, boýalyç, çomuç, gamak, üzärlik, keýigokara, ýandak, siňren, selin, yşgyn, çeti, ýowşan, dagdan ýaly dürli ösümliklerden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, bu ösümlikleriň her biriniň öz aýratynlyklary bolup, ähmiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, sähra ýerlerinde tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň, aýratyn-da, sazak ekilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Häzirki döwürde tebigy künjeklerde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini yzygiderli dowam etmek gerek. Bu bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgama, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň