Arhiw

“Google Translate” hyzmatyna türkmen dili resmi taýdan goşuldy

00:5828.02.2020
0
11273
“Google Translate” hyzmatyna türkmen dili resmi taýdan goşuldy

“Google Translate”-iň inžener-programmaçysy Aýsek Kaswelliň “Google” blogunda habar bermegine görä, “Google” kompaniýasynyň “Google Translate” hyzmaty terjime edýän dilleriniň sanawyna türkmen dili bilen bilelikde jemi bäş sany dili goşdy.

Kaswell: “Google Translate” ulanyjylarynyň işjeň gatnaşmaklarynda kompýuter öwrenmek ylmynyň kämilleşmegi bilen biz ýene-de bäş sany kinýaruanda, oriýa, tatar, türkmen we uýgur dillerini sanawa goşduk” diýip öz blogunda ýerleşdiren sanawynda belleýär.

Inžener dünýäde 75 milliona golaý adamyň bu dillerde gürleýändiklerini belledi.

“Türkmenportal”-yň redaktorlary eýýäm türkmen dilinden beýleki dillere we tersine terjime ulgamyny synagdan geçirdiler. Hyzmat dogry işlemeýär we grammatiki ýalňyşlyklar goýberýär. Käbir terjime kemçilikleri wagtyň geçmegi bilen çözüler.

Bu dilleriň hyzmata girizilmegi “Google Translate”-iň düzümindäki dilleriň sanyny dünýäniň 108 diline ýetirer. Täze diller hem terjimeçiniň özünde, hem-de “Google Chrome”-iň amallarynda elýeter bolar. Şeýle-de ýakyn günlerde “Android” we “iOS” ulanyjylary bu dillerden peýdalanmaga mümkinçilik alar. Wirtual klawiatura bolsa, kinýaruanda, tatar we uýgur dilleri üçin ulanyşa giriziler.

Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dili bolmak bilen bir hatarda, bu dilde dünýäde 10 milliondan gowrak adam gürleşýär. Kinýaruanda Ruandanyň resmi dili bolup, onda 12 milliondan gowrak gepleşýär. Oriýa dilini Hindistanyň Odişa welaýatynyň ýaşaýjylary ulanýar. Tatar dilinde gürleýän adam sany 5.2 milliona golaý bolup, esasan-da Russiýada, Ukrainada we Özbegistanda gepleşilýär. Beýleki bir türki dil bolan Uýgur dilinde Hytaýyň Sinszýan-Uýgur böleginiň ýaşaýjylary gürleşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň