Türkmenistanyň banklarynyň «Cash-back» hyzmatyny ýola goýandygyny habar beripdik. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky «Türkmenistan» gazetinde beren bildirişinde bu hyzmatyň işläp başlandygyny müşderilerine habar berdi.
Bildirişde aýdylyşy ýaly, bank öz müşderilerine “Master-Card” Maestro” plastik kartyny ulanyjylary üçin “Cash-back” hyzmatyny hödürleýär. “Cash-back” hyzmaty bilen “Maestro” plastik kartyny ulanmak arkaly söwda merkezlerinde, dükanlarda, hyzmat nokatlarynda hasaplaşyk geçireniňizde tölegiň möçberiniň 3 göterimi yzyna gaýtarylyp berilýär. Gaýtarylyp berilýän serişdeleriň möçberi her aýyň netijesi boýunça, indiki aýyň 5-i senesine çenli hasaplanylyp, yzyna gaýtarylýar. Hyzmat “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň “Master-Card” Maestro” plastik karty açylan wagty birikdirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 96-46-65, 96-46-66, 96-46-64.