Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda neşe serişdelerini we psihotpor maddalary ýok etmek çäresi geçirildi

23:5614.12.2019
0
7511

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Asylly däbe görä, bu çärä hormatly ýaşulular we okuwçy ýaşlar çagyryldy, olaryň hatarynda ýaş suratkeşler hem bar, olar hut çäräniň geçirilýän ýerinde dürli suratlary çekdiler, bu suratlarda ýaşlar şu günki waka öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Geçen ýyldan bäri döwürde ele salnan neşe serişdeleri, temmäki we gadagan edilen derman önümleri bu ýere ýygnananlara görkezildi.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ölüm howply serişdeleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň