Berdimuhamedow Hakberdi Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakdy

23:4622.11.2019
0
6779

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany döwlet habarlar agentliginiň resmi saýtynda dolulygyna berilýär.

Permanda görnükli sungat işgäriniň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşandy üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp» döwlet Baştutanynyň şeýle karara gelendigi aýdylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň