Robert Grdowiç Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklary üçin Türkmenistanyň futzal ýygyndysyny kesgitledi

20:3518.10.2019
0
9690

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiler ştaby Aziýa çempionaty ― 2020-niň saýlama duşuşyklary üçin Türkiýede geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrylan düzümi belli etdiler.

Bije çekilişige görä, Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Merkezi zolagynyň ýaryşlary iki toparçada geçiriler. «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary duşuşsa, «B» toparçany Eýran, Gyrgyzystan hem-de Türkmenistan emele getirdi. Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar çempionatyň Aşgabatda geçiriljek jemleýji bölegine gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Biziň toparçamyzyň duşuşyklary 23 ― 25-nji oktýabr aralygynda Urmiýa şäheriniň (Eýran) «Gadir Hall» sport toplumynda geçiriler.

Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen boljak duşuşyga biziň ildeşlerimiz jemleýji ýaryşyň ýer eýeleri hökmünde çykarlar. Şonuň üçin milli ýygyndymyzyň Aziýa çempionatyndaky ýeri eýýäm bellidir. Bu saýlama duşuşyklaryň netijesinde türkmen futzalçylarynyň indiki 15 garşydaşy belli ediler. Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň duşuşyklarynyň 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda boljakdygyny ýatladýarys.

Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi milli ýygynda 14 futbolçyny çagyrdylar. Olar:

1. Mülkaman Annagulyýew

2. Myrat Annaýew

3. Watan Ataýew

4. Meretgeldi Baýramow

5. Daýanç Garajaýew

6. Abdylla Gurbannepesow

7. Allamyrat Gurbanow

8. Allaberdi Meredow

9. Öwezbaý Muhammetmyradow

10. Maksat Myradow

11. Serdar Rejebow

12. Berdimyrat Sapardurdyýew

13. Arzuwguly Sapargulyýew

14. Gurbangeldi Sähedow

Tälimçiler düzümi:

1. Kakaly Tyllaýew, toparyň ýolbaşçysy

2. Robert Grdowiç, baş tälimçi

3. Guwanç Kanaýew, tälimçi

4. Mergen Ataýew, tälimçi

5. Ýeňiş Aşyrow, derwezeçileriň tälimçisi

6. Kyýas Hajyýew, lukman.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň