Soňky habarlar

Arhiw

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanda ilkinji hususy iýmit barlaghanasynyň döredilmeginde maliýe taýdan şärik bolýarlar

14:2614.03.2019
0
7860

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde (TSTB), “Hil Standart” kärhanasynyň mikrobiologiýa barlaghanasyny, Türkmenistanda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy barlaghanasyny resmi ýagdaýda açdy.

TSTB-niň kömegi bilen, USAID we “Hil Standart” kärhanasy, bazarda barlaghanalar tarapyndan geçirilýän barlaglara bar bolan talaby anyklamak hem-de gerek boljak döwrebap barlaghana enjamlaryny kesgitlemek we dünýä belli, öňdebaryjy öndürijilerden satyn almak maksady bilen birnäçe çäre geçirdiler.

TSTB we “Hil Standart” hojalyk jemgyýeti barlaghananyň abatlaýyş işlerine, mebeline hem-de barlaghananyň ulanylyşa berilmesi üçin uly möçberde maýa goýdy. Maliýe taýdan şärik bolmakdan hem-de geçirilen okuwdan başga-da, USAID barlaghananyň halkara akkreditasiýany almasy üçin, “Hil Standart” bilen hyzmatdaşlygy dowam eder.

Täze mikrobiologiýa barlaghanasy iýmit önümleriniň barlagy boýunça täjirçilik hyzmatlaryny hödürlär. Bu bolsa öz gezeginde, ýerli öndürijileriň we eksport edýän kärhanalaryň, barlaghananyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmesine ýol açar. Mundan başga-da, bu hyzmatlaryň elýeterliligi, eksport edýän kärhanalara esasy daşary ýurt bazarlarynda talap edilýän sertifikasiýa talaplaryna laýyk gelmesine hem-de miwe we bakja önümleriň eksport kuwwatynyň artmasyna ýol açar.

Barlaghanany döretmek pikiri TSTB tarapyndan öňe sürülip, Merkezi Aziýadaky bäsleşige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek boýunça USAID taslamasy bilen bilelikde işläp taýýarlanyldy. USAID-CTJ bäş ýyllyk taslama bolup, Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde eksporty hem-de miwe we bakja pudagynda iş bilen meşgullylygyň artdyrylmagyna, syýahaçylyk pudagynyň kämilleşdirilmegine we ulag-logistika hyzmatlarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň