Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Sport ulag merkezine bardy

04:0024.02.2019
0
8805

23-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti IIM-niň Sport ulag merkezine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň içeri işler ministri Belent Serkerdebaşymyza merkeziň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygynyň barşy we diň meýdançasynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli täze sport welosipedi sowgat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli görnüşli we dürli kysymly sport ulaglarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Olar Sport ulag merkeziniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyz sport ulaglarynyň tehniki aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy we olaryň tizlik boýunça aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş maksatly we beýleki edara binalarynyň taslamalary, şeýle hem olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Taslamalary synlap we olara degişli bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde köpçülikleýin medeni çäreleri guramaga niýetlenen sahnanyň ýerleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz sport ulag merkeziniň çägini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, bu ýerde degişli binalaryň gurulmalydygyny nygtady hem-de görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy, olara degişli düzedişleri girizdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz diň meýdançasynyň ýollary, onuň öwrümleri we ugurlary barada gürrüň berýän çyzgylar bilen tanyşdy.
Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän ýoluň uzynlygy 300 metre, ini bolsa 145 metre deňdir. Diň merkeziniň umumy meýdany 4,35 gektara barabardyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz ilki bilen ulagyň synag sürüşini amala aşyrdy we ýoluň aýratynlyklaryny öwrendi. Synag sürüşinden soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagyna ýokary derejede erk etmegiň ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz diň ýoly boýunça birnäçe çylşyrymly öwrümleri we ýokary tizlikde beýleki hereketleri ýerine ýetirdi.
... Drift boýunça ussatlyk görkezen hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasynyň ulaglarynyň artykmaçlyklaryny belläp, dünýäde iri awtomobil öndürijiler bilen tejribe alşylmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şondan soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu ýerde sport ulaglarynda sürüşi amala aşyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň