Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

12:3916.02.2019
0
2713

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler.
Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we gurluşyk, oba hojalygy hem-de balykçylyk ulgamynda, medeniýet, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, standartlaşdyrmak, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi we onuň özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň