Soňky habarlar

Arhiw

Maryda çagalar hassahanasy açyldy

14:3820.07.2018
0
9925

19-njy iýulda Ma­ry şä­he­rin­de Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­ny­lyp, ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň dü­zü­mi­ne hi­rur­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa we rew­mo­kar­dio­lo­gi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, anes­te­zio­lo­gi­ýa, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş, ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, ra­dio­lo­gi­ýa, gan ban­ky bö­lüm­le­ri gir­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, nä­sag­la­ry dür­li ugur­ly hü­när­men­ler — of­tal­mo­log, oto­la­rin­go­log, en­dok­ri­no­log, kar­dio­log, uro­log, traw­mo­to­log-or­to­ped, sur­do­lo­g we beý­le­ki­ler ka­bul eder.

Has­sa­ha­na­nyň anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş bö­lü­mi elekt­roen­se­fa­log­raf, rent­gen, to­mog­raf, wi­deo­fib­rob­ron­hos­kop, fib­ro­gast­ros­kop, EKG we beý­le­ki iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Fi­zio­te­ra­pi­ýa ota­gyn­da elekt­ro, ýy­ly­lyk we yşyk te­ra­pi­ýa­sy­nyň dür­li usul­la­ry­ny (UWÇ, elekt­ro­fo­rez, kwars we beý­le­ki­ler) ulan­mak üçin iň tä­ze en­jam­lar ýer­leş­di­ri­len­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­sy ýö­ri­te en­jam­la­ry çy­kar­ma­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky ke­se­li anyk­la­ýyş we be­je­riş en­jam­la­ry, şeý­le hem beý­le­ki ýö­ri­te ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Bir we iki orun­lyk otag­lar­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di.

Dabaranyň hor­mat­ly myh­man­la­rynyň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň yn­san­per­wer iş­le­ri bo­ýun­ça baş di­rek­to­ry Mu­ham­met Al Hu­ri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň