Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

14:2930.03.2018
0
9401

29-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi. Mundan başga-da, döwlet syýasatynyň içerki möhüm meselelerine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň hasabatyndan soňra, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz alyp barýan ugurlarynda edilýän işler barada hasabatlary beriler. Has takygy mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanyna:
söwda pudagynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça amala aşyrylýan çäreler, hususan-da, elektron senagatynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça görülýän anyk çäreler;
paýtagtymyzda açylan Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň geçişi;
maliýe-ykdysady edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler;
şu ulgamyň edaralaryny 2018 — 2024-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasy, ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy;
ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, nebit hem-de gaz, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek boýunça görülýän çäreler;
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy;
ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, şol sanda gowaça ekişiniň barşy;
bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri;
senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň balyk hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler;
dünýä tejribesini öwrenmek esasynda ýurdumyzyň içerki suwlarynda hem-de Hazar deňzinde balyklary ýörite torlarda emeli usulda ösdürip ýetişdirmek usulyny önümçilige ornaşdyrmak we bu torlarda balyklary iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmleriň täze görnüşlerini ylmy esasda işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralary bilen geçirilýän işler;
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler;
ulag-aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işler, ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi;
şu ýylyň aprel aýynda birnäçe medeni çäreleri, şol sanda milli baýramlara we möhüm wakalara bagyşlanylan halkara ähmiýetli çäreleri geçirmäge hem-de bu senelere gabatlanylyp, medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görlüşi;
saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ulgamlarynda milli maksatnamalary, şol sanda ýurdumyzyň bilim edaralaryny ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek babatynda döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda alnyp barylýan işler;
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň alnyp barlyşy, şol sanda olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň