Türkmenistanyň zehinli aydymçysy Eldar Ahmedow Lebap welayatynyň Hojambaz etrabynyň Kyrköýli obasynda dünýä inýär. Onuň ýaşlykdan döredijilige, aýdym-saza bolan söýgüsi ony su günki günümizde ilimiziň iň bir bir söýgüli aýdymçysy hökmünde ýetişdirdi. Bu zehinli aýdymçy döredýän sungat eserleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, gymmaty ,,baky" hasiýete eýe. Aýdymçy türkmen aýdym -saz äleminiň beýik halypalaryna egsilmez sarpa goýýar we öz doredijiligi bilen bir hatarda halypalarymyzyň döreden eserlerine öwüşgin çaýyp ýerine yetirýär . Türkmen halkynyñň hakydasyna siňen meşhur halypalarymyzyň aydymlary E. Ahmedowyň döredijiliginiň aýrylmaz bir bölegidir. Medeniýetimiziň hak howandary Mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň esasynda E. Ahmedow döredijilik ýolunda ynamly zähmet çekýär.